logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«BEÝIK DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANÇLY ZENANLARY» ATLY SERGI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri hem-de zenan ýazyjy- şahyrlarymyzyň kitaplaryndan “Beýik döwrümiziň buýsançly zenanlary” ady bilen sergi gurnaldy. Bu guralan sergi arkaly okyjylarymyz özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar.