logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BEÝIK MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINI WE MIRASYNY ÖWRENIJILERI

Mary welaýat kitaphanasynda «Beýik Magtymguly Pyragynyň döredijiligini we mirasyny öwrenijileri» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşykda Magtymgulynyň şahyrana pelsepewi edebi mirasy watana, ynsana, tebigata, adamzat durmuşyna belent söýginiň aýdymy bolup, halkyň ýürek töründe baky orun aldy . Ol diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýäniň pelsepewi pikirlerini ösdüren, çeperçilik aňyny nurlandyran, dünýewi durmuşy çeper şöhlelendiren akyldar şahyrdyr. Şahyryň millilik çäklerinden çykaryp, ony umumadamzat şahyryna öwren zat – onuň öz halkyna Watanyna bolan beýik söýgisidir, il-günüň ykbalyna baglanan çuňňur oýlanmalarydyr diýip belläp geçdiler. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimiziň ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.