logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BEÝIK MILLETIŇ HAKYDA GÖWHERI

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Türkmenistanyň ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we golýazmalar institutynyň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlarynyň gatnaşmagynda şeýle hem «Arkadag» teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Hakyda göwheri» atly kitabynyň esasynda «Beýik milletiň Hakyda göwheri» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler, Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişi, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ýoly, halkymyzyň agzybirligini giňden beýan edilip, türkmen halkynyň taryhy dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň waspnamasy bolmak bilen, zähmetsöýer halkymyzy täze belentliklerine tarap ruhlandyrýanlygy hakynda buýsançly beýan etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny eşretli döwrana ýetiren Gahryman Arkadagymyza peder ýoluny dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.