logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Şanly Garaşsyzlyk ösüşleriň binýady

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli «Şanly Garaşsyzlyk ösüşleriň binýady» ady bilen “Aşgabat” seýilgähinde söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýurt Garaşsyzlygyny, ruhy mirasymyzy baýlaşdyrmaga, müňýyllyklardan gözbaş alyp, nesilden-nesile geçip gelýän parahatçylyk, dostluk we belent ynsanperwerlik däplerimizi ýer ýüzünde giňden dabaralandyrmaga giň mümkinçilikleriň döredilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de gazanylýan üstünlikler geljekki beýik işleriň binýadyna öwrülüp, bu gün Türkmenistan öz güýjüne ynanýan, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary giňeldýän, hemişe ösüşe ymtylýan ýurt hökmünde tanalyp, halkymyzyň jebisligine, agzybirligine, döredijilik we işewürlik başlangyçlaryna, ýurdumyzyň kuwwatly mümkinçiliklerine daýanyp, berkarar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, her bir raýatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleriň döredilýändigi barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ösüşlerden ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.