Agzybirlige, jebislige we ynanyşmaga daýanyp, gurmagyň, döretmegiň, bagtyýarlygyň hem-de berkararlygyň ösüşleriniň belent sepgitlerini nazarlap öňe barýan ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda zähmetsöýer gujur-gaýratly merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlandyrylýar. Hoşniýetlilik, parahatçylyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, gaýduwsyzlyk, edermenlik türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän milli aýratynlyklarydyr. Durmuş kadasyna öwrülen kämil ýörelgeleridir.
Dünýä taryhyna örän pajygaly we iň gandöküşikli döwür hökmünde giren 1941-1945-nji ýyllarda hem halkymyzyň bu mukaddes kadalaryna berk eýeren gaýduwsyz gerçeklerimiz doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, aldym-berdimli söweş meýdanlarynda batyrgaýlygyň we watansöýüjilik ruhunyň belent nusgasyny görkezip, ýaş nesilleriň ömürlik hormatyna mynasyp boldular. 1418 güne çeken ot-ýalynly şol ýyllarda mert ýigitlerimiz, gaýduwsyz gerçeklerimiz şöhratly söweş ýollaryny geçip, edermenligiň we gahrymançylygyň beýik mekdebini döretdiler. Şeýle gahrymançylykly bolup geçen taryhy wakanyň parahatçylygy, dostlugy, hoşniýetliligi dabaralandyrýan Ýeňiş gününiň şanyna Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Watan gahrymanlary bakydyr» atly sergi guraldy. Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşleriniň, halypa heýkeltaraşlaryň, rus şekillendiriş sungatynyň iň naýbaşy ussatlarynyň, daşary ýurtly nakgaşlaryň ýerine ýetirmegindäki ýüreklere öçmejek ýaralar salan agyr synagly, jebir-jepaly uruş ýyllarynda tylda galan gahrymanlaryň çeper keşpleri, 1941-1945-nji ýyllaryň şöhratly taryhyndaky söweş meýdanlarynda şirin janyny gaýgyrman söweşen gerçekleriň keşpleri hem-de wepalylygyň nusgalyk mekdebine öwrülen watançylyk äheňli sungat eserleri sergilendi. Gazaply uruş ýyllarynda merdana pederlerimiziň–Watan goragçylarynyň söweşjeň edermenligi we ýanbermez gaýduwsyzlygy türkmen şekillendiriş sungatynyň eserlerinde şan-şöhratly ýatlamalar bolup müdimilik ýaşar.
Ýer ýüzünde parahatçylygy, nesilleriň asuda we bagtyýar geljegini gorap, ölmez-ýitmez şöhrat gazanan merdana gerçeklerimize hem-de gaýduwsyz pederlerimize, tutanýerli zähmeti bilen Beýik Ýeňşiň gazanylmagynda ägirt uly işleri bitiren gahrymanlarymyza çäksiz guwanýarys!