logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Beýik Ýeňiş, öçmez seniň ýalkymyň

Lebap welaýat kitaphanasy, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti bilen bilelikde gurnamaklarynda Ýeňiş güni mynasybetli “Beýik Ýeňiş, öçmez seniň ýalkymyň” atly kitap sergisini synlamak we sergide ýerleşdirilen kitaplar bilen doly tanyş bolmak üçin gezelenç gurnady. Gezelenje il sylagly ýaşulylarymyz, kümüş saçly enelerimiz, welaýatymyzyň hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Sergide ýerleşdirilen “Şöhrat”, “Hatyra”, “Esger ykballary” ýaly kitaplar gezelenje gatnaşyjylary has-da gyzyklandyrdy.