logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BEÝIK ÝEŇIŞE BAGYŞLANAN ESERLER

Watansöýüjilik, ynsanperwerlik, gaýduwsyzlyk, edermenlik türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli aýratynlyklaryna hem-de durmuş kadasyna öwrülen nusgalyk ýörelgeler bolup, olar dünýä taryhyna örän pajygaly, gandökşikli, jebir-jepaly döwür hökmünde ebedi ýazylan 1941-1945-nji ýyllarda has-da aýdyň ýüze çykdy. Mukaddes ýörelgelerimize berk eýeren merdana watandaşlarymyz doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, XX asyryň ýowuz urşunyň azat-erkana durmuş ugrundaky aldym-berdimli söweş meýdanlarynda edermenligiň, gaýduwsyzlygyň we gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezip, baky şöhrata mynasyp boldular. Olaryň içinde türkmen şahyrlary we sazandalary hem bardy. Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasynda okap ýören, türkmeniň meşhur bagşysy Sary bagşynyň körpe ogly, ýiti zehinli sazanda Nury Saryýew bu gazaply urşa meýletin gidip, gahrymanlarça wepat boldy. Onuň ady Moskwanyň döwlet konserwatoriýasynyň Hormat tagtasynda altyn harplar bilen ýazyldy. Türkmenistanyň halk artistleri, doganlar Weli we Nury Muhadowlar, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Çary Artykow, kompozitor Orazmuhammet Gurbannyýazow ýalynly ýyllaryň aldym-berdimli söweşlerine gatnaşyp, sag-aman Ata Watana dolanyp geldiler. Olar görkezen edermenlikleri üçin, birnäçe orden-medallara mynasyp boldular. “Türkmen sazynyň goja bagbany” hasaplanýan Mylly Täçmyradowyň uruş döwründe döreden “Ugradyş”, “Hüjüm”, “Ýeňiş” atly sazlary öz çeperçiligi bilen tapawutlanýar. Döredijiliginde uruş temasy eriş-argaç bolup geçýän halypa kompozitorlaryň biri hem, Türkmenistanyň halk artisti, professor Weli Muhadowdyr. Ussat kompozitoryň 2-nji “Gahrymançylyk” simfoniýasyny Sowet Soýuzynyň Gahrymany Aýdogdy Tahyrowyň ýadygärligine bagyşlap, 1984-nji ýylda döredipdir. Urşuň aýylganç ýüzüni öz gözleri bilen gören kompozitor, 4 bölümden ybarat bu iri simfoniki eserinde dartgynly wakalary, soňky bölüminde bolsa, gazanylan Beýik Ýeňşi simfoniki orkestriniň üsti bilen ussatlarça suratlandyrýar. Kompozitoryň Weli Muhadowyň Beýik Ýeňşe bagyşlap wokal-simfoniki eserlerini ýatlamak bolar, “Ýeňiş” kantatasy, “Kommunist hakynda kyssa” atly poemasy, “Parahatlyk aýdymy” ýaly aýdym hem-de, Durdy Nuryýewyň “Elegiýa” akapella eserinde ata Watanymyzyň Ýeňşini suratlandyrýar.

Türkmenistanyň halk artisti Nury Halmämmedow 1974-nji ýylda meşgur şahyr Gurbannazar Ezizowyň goşgusyna “Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan gahrymanlaryň ýadygärligine” atly wokal-simfoniki poema özboluşly triptih bolup durýar: “Giriş”, “Esgeriň ýatlamasy”, “Rekwiýem”. Poemanyň sazy çuňňur watansöýüjilik duýgusyndan doludyr. Halkyň söýgüsini gazanan ýene bir eser, kompozitor Nury Halmämmedowyň şahyr Geldi Bäşiýewiň goşgusyna döreden “Gahrymanlar hakynda balladasy”, Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Hydyrow Gurbannazar Ezizowyň goşgularyna “Front ýollarynda”, “Sagbol, ene mekan” aýdymlaryny döretdi. Türkmenistanyň halk artisti Amandurdy Agajykowyň “Bakydyr olar”, “Jahany goraň”, Türkmenistanyň halk artisti Rejep Rejebowyň döreden “Watan gerçekleri” atly aýdymlarynda watansöýüjilik temasy eriş-argaç bolup öz beýanyny tapýar.

Türkmen kompozitorlarynyň uruş temasynda döreden ajaýyp eserleri häzirki bagtyýarlyk döwründe-de, öz gymmatyny ýitirmän gelýär. Ussat halypa kompozitorlarymyza we bagşy-sazandalarymyza uly hormat goýýan, olaryň mirasyny öwrenmäge uly mümkinçilikler döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, belent başlarynyň aman bolmagyny, tutumly işleriniň uly üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.

Maýagözel AMANGELDIÝEWA

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Hor dirižýor” bölüminiň mugallymy