logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BEÝIK ÝEŇŞIŇ HORMATY

Watanymyzyň we dünýä halklarynyň häzirki asudalyk döwrüni, parahatçylyk söýüjilik, gahrymançylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan Beýik Ýeňiş güni ýurdumyzda ulydan bellenip geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: -“Biz merdana watandaşlarymyzyň söweşlerde görkezen edermenlikleri, tylda çeken tutanýerli zähmetleri bilen bütin adamzadyň öňünde bitiren beýik işlerine tüýs ýürekden guwanýarys” diýip belleýşi ýaly, ynsan kalplarynyň çuňlugynda orun tutan taryhy sene mynasybetli hemişelik Bitarap döwletimiziň ähli künjeklerinde medeni çäreler, dabaralar uruş weteranlary bilen duşuşyklar ýaýwaňlandyrylýar. Şeýle medeni çäreleriň biri hem Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň çagyryş boýunça harby gullukçylary Halk hakydasy ýadygärlikler toplumynyň çägindäki “Baky ot” ýadygärligine ter gül desselerini goýup, Watan gerçeklerini hatyraladylar. Şeýle hem Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň “Watan mukaddesligi” muzeýiniň hemişelik sergi zallaryna aýlanyp gezelenç etdiler. Gezelenjiň dowamynda muzeýiň hünärmenleri tarapyndan ata-babalarymyzyň geçen şöhratly ýoly, Beýik Watançylyk söweşinde gahrymançylyk görkezen Türkmenistanly esgerlerimiziň, olaryň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň mähriban atasy, ilhalar ynsan ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň geçen gahrymançylykly ömür ýolunyň ýaş nesilleri watançylyk ruhynda terbiýelemekde görelde mekdebi bolup durýandygy barada täsirli gürrüň berildi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutan ýerli başlangyçlary netijesinde bu günki gün, Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ähli döwletlerini parahatçylyga çagyryjy merkez bolup, dost-doganlyga uly hormat goýýan döwletdir.