logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«BEÝIK ÝEŇŞIŇ ŞANYNA» ATLY BEÝIK ÝEŇIŞIŇ 80 ÝYLLYGYNA BAGYŞLAP MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ GATNAŞMAGYNDA DABARALY ÇÄRE GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy, Aşgabat şäheriniň № 51-nji orta mekdebinde «Beýik ýeňşiň şanyna» atly Beýik Ýeňişiň 80 ýyllygyna bagyşlap mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda dabaraly çäre geçirildi. Watanyň taryhynda halkyň durmuşynda mukaddes hakyda öwrülip, nesiller tarapyndan hatyralanyp, her ýyl bellenilýän seneleriň üýtgeşik terbiýeçilik ähmiýeti bar. Her ýylyň 9-njy maý güni ýurdumyzda 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňiş güni uly dabara bilen bellenilýär. Parahat diýarymyzyň ähli künjeklerinde, mekdeplerde söweş meýdanlarynda gaýduwsyzlyk bilen söweşip, edermenligiň we gahrymançylygyň deňsiz-taýsyz nusgasyny görkezen gahrymanlarymyzyň sarpasyna bagyşlanan çäreler geçirilýär. Geçirilýän çärede mekdep okuwçylary urşa gatnaşan gerçeklerimiziň hormatyna suratlaryny ellerinde göterip nyzama durdylar. Olaryň hormatyna baş egip, gül desselerini goýdular. Şeýle hem wetaranlarymyzyň hormatyna sahnalaşdyrylan oýun, goşgy, aýdym aýdyp, çykyş etdiler. «Beýik ýeňşiň şanyna» atly geçirilen çärede türkmen, rus ýazyjy şahyrlarynyň kitaplaryndan sergi gurnaldy.

Geçirilen ertirligiň ahyrynda asuda we parahat ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň sagdyn we berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin atalyk aladasyny edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Alym Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.