Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, her bir täze gün, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, üstünlikli durmuşa geçirýän işleri, Türkmenistan diýarymyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly aýdyň öňe barýandygynyň aýdyň güwäsidir.
2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrylmagy biz ýaşlary begendirýär hem-de buýsandyrýar. Bu şygar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan–Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly, ajaýyp goşgusy esasynda saýlanyp alyndy.
Ýeňiş güni ata-babalaryna buýsanýan, olaryň wesýetlerini sarpalaýan türkmenistan döwletimiziň ýaş nesillerini terbiýelemekde aýratyn ähmiýeti bolan senedir.
Dünýä taryhyna örän pajygaly we iň gandökşükli döwür hökmünde giren 1941-1945- nji ýyllarda hem bu mukaddes kadalara berk eýeren, merdana watandaşlarymyz doganlyk halklarynyň wekilleri bilen egin-egine berip, aldym–berdimli söweş meýdanlarynda batyrlygyň, watançylygyň belent nusgasyny görkezdiler, nesilleriň hormatyna mynasyp boldular.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeginde, şol sanda Mary welaýatymyzyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem ýeňiş baýramçylygy mynasybetli sergi guraldy. Sergide uruş ýyllaryna degişli lybaslar, şekillendiriş sungatyna degişli suratlar, foto suratlar, kitaplar, söweşen gerçekleriň oreden-medallary ýerleşdirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz saýasynda, diýarymyzyň her bir güni toýlardan toýlara baýramlardan-baýramlara ulaşýar. Ýaş nesilleriň geljegi ugrunda örän uly alada edýärler.
Goý, türkmen halkymyzy şeýle ajaýyp zamanada ýaşatýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun. Il-ýurt döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.