logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Bibliografiýa bölüminiň alyp barýan işleri we bibliografiýa görkezijilerine syn

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Bibliografiýa bölüminiň alyp barýan işleri we bibliografiýa görkezijilerine syn” atly hünär okuw sapagy geçirildi. Hünär okuw sapagyna Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň “Kitaphanaçylyk” fakultetiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Bibliografiýa bölümi özüniň alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler we taýýarlanan bibliografiýa görkezijilerine syn berdiler. Bölüm ýurdumyzyň syýasy, ruhy ösüşini we milli gymmatlyklarymyzy açyp görkezýän ylmy kömekçi bibliografiýa görkezijilerini, şeýle-de öz döredijiligi bilen edebiýatda, taryhda yz goýan şahsyýetler barada şahsy we hödürleýji bibliografiýa görkezijilerini taýýarlaýar. Bibliografiýa görkezijilerini nähili taýynlamak we olary okyjylara, ýaş nesillere ýetirmek maksady bilen birnäçe işler alnyp barylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle gyzykly duşuşyklar talyp ýaşlarda zähmete bolan höwesleriniň artmagyna ýardam etdi. Soňra bolsa hünär okuw sapagyna gatnaşyjylar kitaphana işini ösdürmekde olary aýawly saklamakda we kitaplary ýaş nesle ýetirmekde birnäçe aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.