logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BILDIRIŞ!

Hormatly Watandaşlar, Türkmenistanyň Döwlet sirki täze möwsümiň başlamagy bilen, Arkadag şäheriniň «Görogly» adyndaky döwlet atçylyk sirki we «Aba Annaýew» adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde «Görogly» şadessanyndan sahnalaşdyrylan «Görogly» atly sirk çykyşyny Size hödürleýar. Çykyşyň dowamynda Halkara sirk festiwallarynda 6 gezek ýeňiji bolup baş baýraklara eýe bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkleriniň tanymal artistleri çykyş ederler. Çykyşlar her hepdäniň şenbe we ýekşenbe günleri sagat 19:00-da görkeziler.

Giriş petekleri Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň sirk.gov.tm resmi web sahypasynda «online» görnüşinde hem satyn alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin: 39-80-44 / 39-80-45 / 36-10-95.

Türkmenistanyň Döwlet sirkine hoş geldiňiz.