logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BILDIRIŞ !

2026-njy ýylyň Mart aýynyň 2-ne sagat 15:00 Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Sungat äleminiň bahary» atly zenan mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň sergisi açylýar.

Sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň zenan mugallymlarynyň we talyp gelin-gyzlarynyň döreden nakgaş, grafika, dizaýn, haly, gobelen, zergärçilik, külalçylyk eserleri görkeziler.