logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BILDIRIŞ!

Hormatly Watandaşlar, Türkmenistanyň Döwlet sirki Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli körpeler üçin täze çykyşlaryny size hödürleýär. Çykyşlaryň dowamynda türkmeniň milli sirk sungatyny dünýä ýaýan, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň «Türkmen jigitleri» toparynyň, masgarabazdyr akrobatlaryň, howa gimnastlarynyň, ekwelibristleriň we žanglýorlaryň täsin özüne çekiji jadyly çykyşlaryny görüp bilersiňiz. Sirk çykyşlar 2026-njy ýylyň mart aýynyň 23-28-i aralygynda hepdäniň ähli günlerinde dowam eder.

Habarlaşmak üçin: 39-80-44; 39-80-45; 39-80-46; 36-10-95