logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BILIM BAGTYŇ ÇYRAGY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherindäki 76-njy orta mekdebiň okuwçylary bilen bilelikde Bilimler we talyp-ýaşlar güni mynasybetli «Bilim bagtyň çyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ylym-bilime höwesek ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikler barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de gürrüňdeşlige gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiziň ýurduň geljegini ähli babatda ýaş nesillere bil baglaýandygy we olaryň ylymly-sowatly bolmagy üçin, bagtyýar ýaşap, Watanyň mynasyp ogul-gyzlary bolup ýetişmegi üçin ähli şertleri döredýänligi barada uly buýsanç bilen aýtdylar. Kitaphananyň hünärmenleri «Bilim bagtyň çyragy» atly kitap sergisini gurnady.Täze birinji synpa gelen okuwçylara hormatly Prezidentimiziň kompýuter sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesillerimiz üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.