logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Bilim - bagtyň, ösüşleriň ganaty

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Bilim-bagtyň, ösüşleriň ganaty» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler başymyzyň täji, gözlerimiziň röwşeni eziz Watanymyzyň her bir gününiň üstünliklere we rowaçlyklara beslenýän ajaýyp döwründe, gursagy hyjuwdan doly bagtyýar ýaşlarymyzyň hem ýurdumyzyň ösüş-özgerişlerine mynasyp goşantlaryny goşýandyklary barada giňişleýin durup geçdiler. Şeýle hem, ýurdumyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaşlarymyzyň döwrebap bilim-terbiýe almagy we ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekleri üçin ähli mümkinçilikleriň, şertleriň döredilýändigi barada hem nygtadylar.