logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Bilim – bagtyýarlygyň binýady

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli, muzeý gaznasynda saklanylýan gymmatlyklardan “Bilim – bagtyýarlygyň binýady” atly sergi gurnaldy. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary, şeýle hem, ilhalar ynsan, ussat mugallym, watançy Berdimuhamet Annaýewiň hala çitilen keşbi görnükli orun eýeleýär. Mundan başga-da sergide türkmen zergärleriniň ajaýyp sowgatlyk eserleri, çagalaryň okuw pursatlaryndan dokumental arhiw fotosuratlary we häzirki wagtda ýaş nesliň ösen kompýuter tehnologiýalaryndan peýdalanýan pursatlaryny açyp görkezýän fotosuratlar sergilenýär. Şeýle hem, okuw tagtasynyň hala çitilen nusgasy, okuw kitaplary we tebigat ylymlary bilen baglanyşykly muzeý gymmatlyklary, barlaghana enjamlary we olaryň kömegi bilen ýerine ýetirilýän işler barada giň maglumat berilýär.

Serginiň açylyş dabarasynyň dowamynda ýurdumyzyň ylym-bilim ojaklarynda zähmet çekýän mugallymlardyr işgärler çykyş etdiler. Çykyş eden bilim işgärleri häzirki wagtda ýurdumyzda bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýaş nesillere döredilýän şertler barada ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Ýurdumyzda bilim ulgamyny yzygiderli ösdürip-kämilleşdirmekde, ylym-bilimli ýaşlary kemala getirmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlaryny aýtdylar.