logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Bilim derejesindäki ösüşler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşly döwründe Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyz gün günden uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzyň her bir güni toý baýramlara we şanly senelere beslenýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda “Bilim derejesindäki ösüşler” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzda bilim ulgamynda alnyp barylýan işler dogrusynda we ýaş nesillerimize berilýän ylym-bilim ulgamynda uly derejelere ýetilýändigi barada söhbetdeşlik geçirdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda bizi şeýle eşretli zamanada ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan il ýurt we adamzat ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.