logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Bilim dünýäsine batly gadamlar

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 70-nji orta mekdebiň okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Bilim dünýäsine batly gadamlar» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Bilimler we talyp ýaşlar güni diňe bir täze okuw ýylynyň başlanmagy däl, eýsem täze maksatlaryň, beýik arzuwlaryň, ýokary sepgitleriň ýoly bilen täze döwrüň gapysynyň açylýandygy barada beýan etdiler. Şeýle-de Bilim – ösüşiň, ösüş bolsa bagtyýarlygyň çeşmesidigi, Türkmenistanyň bilim strategiýasy ýaş nesilleri çuňňur bilimli, ýokary derejeli hünärmenler höküminde ýetişdirmäge gönükdirilýändigi, bilimli, başarnykly we döwrebap pikirlenýän ýaş nesiller – her bir döwlet üçin iň gymmatly baýlyk bolup durýandygy barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýurdumyzyň ýaşlaryna uly ynam bildirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.