logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BILIM-KÄMILLIK ÝOLY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýär. Dünýäniň ösen tehniki serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan bilim ojaklarynda ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna esaslanyp, häzirki zaman innowasion ösüşiniň talaplaryna laýyk gelýän ýaş nesli kemala getirmek üçin ähli şertler döredilýär.

2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli muzeý gaznasynda saklanylýan gymmatlyklardan «Bilim–kämillik ýoly» atly sergi gurnaldy.

Baýramçylyk sergisiniň açylyş dabarasyny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çayýew alyp bardy.

Baýramçylyk dabarasynda ýurdumyzyň ylym-bilim ojaklarynda zähmet çekýän mugallymlar çykyş etdiler. Çykyş eden bilim işgärleri häzirki zamanda bilim ulgamyndaky özgerişikler, gazanylýan üstünlikler, döredilýän şertler dogrusynda ýürek buýsançlaryny aýtdylar. Munuň üçin bagtyýar halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyza hoşallygynyň çägi ýokdur.