logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BILIM–BAGTYŇ ÇYRAGY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň gelmeginde «Bilim–bagtyň çyragy» atly gezelenç geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz ösüşli ýollarda ynamly öňe barýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ýaş nesliň dünýä derejesine laýyk bilim almagy üçin ähli şertler döredilýär. Ajaýyp ýurdumyzda ýaşlaryň dürli tehnologiýalardan we öňdebaryjy tilsimatlardan baş alyp çykmagy üçin ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge uly üns berilýär. Sanly tehnologiýalar geljegiň ylmy kuwwaty, ösen aň-bilim röwşen geljegiň binýady. Bu ugurda ýaşlarymyz üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Çäräniň ahyrynda bagtyýarlygymyz hem-de ýagty ertirlerimiz üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.