logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BILIM–BAGTYÝARLYGYŇ BINÝADY

Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 52-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi, «Bilim–bagtyýarlygyň binýady» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy.

Sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri hem-de Magtymguly Pyragynyň eserleriniň neşir edilen kitaplary we çeper eserler ýerleşdirildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň taryhyny, medeniýetini ylmy maglumatlaryň üsti bilen beýan edýän kitaplary bilen okyjylary özüne çekýän kitaplarynyň mähriban halkymyzyň, aýratynda, ýaşlaryň ruhy baýlygyny, Watana, halkymyza bolan söýgüsini artdyrmakda ähmiýeti örän uludyr.Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserleri hem-de Magtymguly Pyragynyň neşir edilen eserlerine bagyşlanyp gurnalan bu sergä kitaphananyň işgärleri hem-de mugallymlardyr, okuwçylar işjeň gatnaşdylar we olarda uly gyzyklanma döretdi.

Sergä gatnaşyjylar bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.