logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Bilimler çeşmesi – Kitaphanalar

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyp ýaşlary we mugallymlary gezelençde boldylar we kitaphananyň bölümleriniň alyp barýan iş aýratynlyklary bilen giňişleýin tanyş boldylar. Mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan bölümleriň işi hakynda okuw sapagyny geçdiler we kitaphanaçylar bilen sorag-jogap alyşdylar. Kitaphanaçylyk işi bilen gyzyklanýan talyp ýaşlarda şeýle gezelençleri gurnamak we okuw sapagyny geçirmek kitaba bolan höwesiniň artmagyna uly ýardam berýär. Bagtyýar ýaşlaryň okap, dünýä ülňülerine laýyk bilimlerini artdyrmaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.