Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli watan söýüji ilhalar, ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşýan ýokary bilimli hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda uly aladalar edilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde 1-nji sentýabr Bilimler we talyp ýaşlar güni uly şowhun, dabara bilen bellenilýär. Bu gün çagalar bagyna gatnaýan ýaşajyk çagalarymyzdan başlap mekdep okuwçylarymyzyň talyp ýaşlarymyzyň ýürekleri buýsançdan doly. Çünki ýaşlarymyz döwrebap çagalar baglarynda orta mekdeplerde, ýokary okuw mekdeplerde terbiýelenýärler, ylym-bilim alýarlar.
Şu gün ýurdumyzyň ajaýyp ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda hem Bilimler we talyp ýaşlar güni uly dabara bilen bellenilip geçildi. Täze 2026-2027-nji okuw ýylynda talyplyga kabul edilen ýaşlarymyz özleriniň ýürek buýsançlaryny aýdym-sazlaryň goşgularyň üsti bilen beýan edip, «Garaşsyz baky bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly atly okuw sapagy bilen okuw derslerine başladylar. Sungatyň dürli ugurlary boýunça hünär berýän ýokary okuw mekdebimize 150 golaý talyp ýaşlar kabul edildi. Olar geljekde watanymyzyň medeniýetini we sungatyny ösdürmekde hem-de dünýäýaýmakda uly goşant goşjak hünärmenler bolup ýetişerler.
Şu pursatdan peýdalanyp Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekdäki alyp barýan işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.
GÖWHER SAPARMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
Sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy