logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNÜNE BAGYŞLANYP YLMY-AMALY MASLAHATY

Her ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär. Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-amaly maslahatlary geçirilýär.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzyň gymmatyny öwretmekde bilimiň orny» ady bilen mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirildi. Maslahatda «Bilim berk binýatly binadyr», «Ylym-bilim umumadamzat gymmatlygydyr», «Halkara gatnaşyklarynda bilim ulgamynyň aýratynlygy», «Orta asyr çeşmelerinde Merw kitaphanalary», «Nesil terbiýesi, nusgalyk mekdep», «Jemgyýetiň ösüşinde ylym-bilimiň orny», «Milli terbiýe–asylly ýörelge», «Medeni gatnaşyklarda sungatyň döredijilik ýoly», «Şekillendiriş sungatyň döredijilik aýratynlygy», «Binagärlik we heýkeltaraşlyk sungatynyň sazlaşygy» atly temalar boýunça mugallymlaryň we talyplaryň çykyşlary ýerine ýetirildi.