logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BILIMLI NESIL - KUWWATLY WATAN

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümi Aşgabat şäheriniň 30-njy çagalar bagynda “Bilimli nesil - kuwwatly Watan” atly çeper okaýyş we göçme kitap sergisini geçirdi. Sergide çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş neslimiziň beden we ruhy taýdan kämil bolmagy üçin köp işler amala aşyrylýandygyny, mekdebe çenli bilim edaralarynyň täze binalarynyň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berilmegi, bu bilim derejesinde körpeler üçin maddy-enjamlaýyn binýadyň berkidilýändigine şaýatlyk edýändigini hakynda nygtadylar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, mekdebe çenli ýaşly körpeler bilen döwlet mekdebe çenli bilim edaralarynda geçirilýän bilim-terbiýeçilik işleri many-mazmun taýdan täzelenip, dünýäniň ösen döwletleriniň derejelerine laýyk getirilýändigini buýsanç bilen beýan etdiler.
Göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri, şeýle-de çagalar edebiýatyna degişli birnäçe ertekiler ýerleşdirildi. Çagalara ertekilerden birnäçesini okap berildi we çagalaryň arasynda sorag-jogap alşyldy. Kitap sergisi ýaş nesillerde uly gyzyklanma döretdi. Şeýle hem çagalara kitap okap bilimlerini artdyrmaklaryny maslahat berildi.
Sergä gatnaşanlar körpe nesli döwrebap terbiýelemekde uly tagallalary edýän Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adamzadyň eşretli ertirlerini döwletli tutumlarynyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.