Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tarapyndan Aşgabat şäherindäki 76-njy orta mekdebiň okuwçylarynyň gatnaşmagynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçirilen “Bilimli nesil - Watanyň geljegi” atly söhbetdeşlikde, ylym-bilime höwesek ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikler barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle hem, çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýurduň geljegi bolan ylym-bilimli ýaş nesilleriň Watanyň mynasyp ogul-gyzlary bolup ýetişmegi üçin döredip berýän ähli şertleri, giň mümkinçilikleri hakynda uly buýsanç bilen bellediler. Birinji synpa gelen okuwçylara hormatly Prezidentimiziň kompýuter sowgatlary dabaraly gowşuryldy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.