Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Milli ýörite sazçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda «Bilimli nesiller–dünýäniň daýanjy!» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler hormatly Prezidentimiz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bilim ulgamyny ösdürmek, ylymly, bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek hem-de döwrüň talabyna laýyklykda öňdebaryjy tehnalogiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak babatda uly işler alnyp barylýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de ýaş nesillermizde watansöýüjilik duýgusyny we milli buýsanjy terbiýelemek, ýaşlary durmuşa taýýarlamak, hünär saýlamaga ugrukdyrmak işleri has-da döwrebap derejede gurnalýandygy barada belläp geçdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda Berkarar diýarymyzy beýik ösüşlere sary ynsanperwer ýörelgeler bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.