Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Bilimli ýaşlar – röwşen geljegiň şuglasy!» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýändigini, bu baýram mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk çärelerine giň gerim berilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Bilim ojaklarynda kakylan ilkinji jaňlar täze 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlap, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýändigini, şol sanda, ylym-bilim ulgamynda hem şanly menzillere, ajaýyp üstünliklere eýe bolýandygy barada beýan etdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda geljekki ýaş-nesillere ylym-bilim almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.