logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Bilimli ýaşlar – Watanymyzyň daýanjy

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Watanymyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyklaryň we dabaralaryň sany gün-günden artýar. Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň oňaýly ýaşaýyşy üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlara hem aýratyn üns berilýär. Olaryň ýeterlikli derejede bilim alyp, üstünlikli käriniň eýesi bolup ýetişmekleri üçin bolsa ähli şertler bar. Ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyklaryň biri hem Bilimler we talyp ýaşlar günidir. Bu baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ylmy-amaly maslahatlar geçirilip, ýurdumyzyň gazanylan üstünlikleri, täze orta mekdepleriň we ýokary okuw jaýlaryň gurlup berilmegi dogrusynda çykyşlar geçirilýär. Ýaş nesil suratkeşler hem sungatyň ähli ugrunda halypalaryň öwüt-nesihatlaryna eýerip, bilim alýarlar. Geçen asyrda düýbi tutulan türkmen şekillendiriş sungatynyň taryhyny öwrenip ýaş suratkeşler her bir sungat eserinde türkmen halkynyň taryhyny, sungatymyzy, däp-dessurlary, milli mirasyny beýan edýärler.

Her ýyl däp bolşy ýaly Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli “Bilimli ýaşlar – Watanymyzyň daýanjy” atly sergi gurnaldy. Sergide türkmen şekillendiriş sungatynyň düýbini tutan halypalaryň bilim hakyndaky taslama eserleri, halypa mugallymlaryň portretleri, şeýle hem grafika we heýkel eserleri sergilendi.