logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BILIMLI ÝAŞLAR–WATANYMYZYŇ KUWWATY

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döretmäge kuwwat, gurmaga güýç, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň barha golaýlaşýan günlerinde eziz Diýarymyzyň her bir günini bezeýän şanly hem-de taryhy wakalar ýokary guramaçylykda, uly ruhubelentlikde geçirilýän çäreler bilen utgaşýar. Şu günler milli senenamamyzda mynasyp orun alyp her ýyl ýurdymyzda täze okuw ýylynyň buşlugy bolup bellenýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çärelere giň gerim berilýär. Dabaraly çäreler hoşallyk maslahatlary, syýasy söhbetdeşlikler, aýdym-sazly çykyşlar Gadymy Lebabyň edara-guramalaryna, obadyr-şäherlerine baýramçylyk şatlygyny bagyşlaýar. Şu gün «Bilimli ýaşlar-watan kuwwaty» atly Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, muzeý hünärmenleri uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Dabaraly maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar bagtyýar zamanany, asuda we eşretli durmuşy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlaryny beýan etdiler.

Gülälek BATYROWA

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulçysy.