logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«BILIM–ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY»

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň özeninde halkymyzyň bagtyýar geljegi, ýaş nesilleriň bilimli, terbiýeli we giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi baradaky beýik maksatlar durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bilim ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar. Täze mekdepler, ýokary okuw jaýlary, döwrebap bilim merkezleri gurlup, ýaşlaryň döredijilik mümkinçilikleri giňden açylýar. Munuň özi döwletimiziň alyp barýan beýik syýasatynyň üstünlikleriniň aýdyň beýanydyr.

Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralan «Bilim–ösüşleriň binýady» atly sergi ýurdumyzyň medeni durmuşynda aýratyn ähmiýetli çärä öwrülýär. Bu serginiň üsti bilen şekillendiriş sungatynyň nusgawy eserleri arkaly bilim-terbiýäniň, mugallyma bolan hormatyň, ýaşlaryň ylyma we zähmete bolan söýgüsiniň beýany görkezilýär. Şeýle sergileriň geçirilmegini üpjün edýän, ýaş nesilleriň ylymda, döredijilikde we sungatda belent sepgitlere ýetmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyk bildirýäris. Goý, olaryň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeli menzilleri rowaçlyklara beslensin!