logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BIR BELENT YKBAL SEN ILLERE, BEDEW

BIR BELENT YKBAL SEN ILLERE, BEDEW

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli gymmatlyklaryň gadymy mekany bolan eziz Diýarymyzyň ahalteke bedewleri mynasyp bahasyna eýe bolýar. Görnüşi ýaly parasatly pederlerimiziň uçursyz zehini, yzygiderli yhlasy–zähmeti bilen kämilleşdirilen milli baýlyklarymyzyň naýbaşy nusgalarynyň dünýä derejesinde ykrar edilmegi halk mirasyny goramaga ähli zerur şertler döredilýän eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň dünýädäki at-abraýyny belende göterýär. Mälim bolşy ýaly biziň ýurdumyzyň ösüşini gazanýan sepgitlerini bedew bady bilen ölçeýäris. Munuň özi häzirki ösüş depginini dürli ugurlarda ýeten belent derejelerini buşlap halkara derejede gazanylýan ýeňiş baradaky hoş habarlar biziň buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Şeýle hem Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýisi–topar ýolbaşçysy Serdar Pygyýewiç Pygyýewe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy. Bu bolsa ýurdumyzda behişdi bedewlerimize goýulýan hormat sarpanyň nyşanydyr.

Biziň Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Bir belent ykbal sen illere, Bedew» ady bilen sergi, söhbetdeşligi geçirildi. Bu sergä gatnaşan myhmanlarymyzda uly täsir galdyrdy. Ganatly bedewlerimizi sarpalaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başynyň aman, ruhy dünýämizi baýlaşdyrýan ilhalar eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny, döwletli işleriniň elmydama rowaç almagyny arzuw edýäris.