logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Bir-birege ýakyn edip kalplary, medeniýetim birleşdirýär halklary

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at – myradyň mekany ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Bir-birege ýakyn edip kalplary, medeniýetim birleşdirýär halklary” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Bu çärä welaýatymyzyň göreldeli suratçylary, talyp ýaşlarymyz gatnaşdylar. Bu baýramçylygy ýylda belläp geçmek däbe öwrüldi. Medeniýet milletleriň her birine milli aýratynlyk, özboluşlulyk berýän, şol bir wagtyň özünde hem bitewileşdirýän güýçligi barada täsirli gürrüňler berildi. Şeýle-de kitaphana işgärleri tarapyndan guralan giňişleýin kitap sergisine we welaýat ýörite sungat mekdebiniň guran surat sergisine syn etdiler.

Serginiň ahyrynda işlemäne, okamana döredip berilýän şertleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdylyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.