logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BIR OJAGA JEM BOLUP

Garabekewül etrap medeniýet merkezinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna bagyşlanyp etrap merkezi kitaphanasynyň gurnamagynda “Bir ojaga jem bolup” ady bilen duşuşyk geçirildi. Etrabymyzyň tanymal şahyr zenany Ogulbeg Jumaýewanyň, kümüş saçly enelerimiziň, dürli pudakda zähmet çekýän gelin gyzlarymyzyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehinlerinden syzylyp çykan eserli ýaş nesli Watançylyk ruhynda terbiýelemekde uly gollanma bolup durýar diýip buýsanç bilen bellediler. Kitaphana hünärmenleri tarapyndan “Älem syry kitap bilen açylýar” atly guralan kitap sergisi bolsa, gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.