Ýakynda Azerbaýjan Respublikasynyň Azerbaýjan Milli kitaphanasy tarapyndan taýýarlanan “Birinji Türkologiýa gurultaýynyň 100 ýyllygyna” atly bibliografiýa görkezijisi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna sowgat berildi. Bu täze kitaba Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi tarapyndan syn geçirildi.
Kitapda beýleki halklar bilen bir hatarda türkmen ýazyjylarynyň hem adynyň tutulmagy, goňşy döwletlerimiz bilen doganlyk gatnaşyklaryň uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýändigini aýdyň subut edýär. Türkologiýa gurultaýynyň taryhyny açyp görkezýän maglumatlardan ybarat bolan bu kitap, Döwlet kitaphanasynyň gaznasynyň baýlaşmagyna uly goşandyny goşdy. Kitap kitaphana synyna gatnaşanlarda uly täsirleri galdyrdy. Bu çärä gatnaşanlar edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň halkyň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilikler döredip beren, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.