logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY WE TÜRKMENISTAN: HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ ESASY SÜTÜNIDIR

Ýaňy ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynda «Birleşen Milletler Guramasy we Türkmenistan: halkara hyzmatdaşlygyň esasy sütünidir» atly wagyz-nesihat maslahaty we kitap sergisi gurnaldy. Bu wagyz-nesihat maslahatynda Bitarap Döwlet hökmünde parahatçylygy, durnuklylygy we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdürilen daşary syýasaty durmuşa geçirýän ýurdumyzyň tutuş adamzat ähmiýetli işleri, tagallalary baradaky çykyşlara giň orun berildi. Çäräniň dowamynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda täze taryhy döwürde ýurdumyzyň dünýä döwletleri, şeýle-de abraýly halkara guramalar bilen dostlukly gatnaşyklaryny, parahatçylyk söýüjilige, ynanyşmaga, birek-birege hormat goýmaga, özara bähbitlilige, deňhukuklylyga esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýändigini yzygiderli bellediler. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz Amerikanyň Nýu-Ýork şäherine iş saparyny amala aşyrmagy we onuň barşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde çykyş etmegi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy giňden dabaralanýan ýylynyň taryhy wakalarynyň biri boldy.

Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasydaky çykyşynda Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ekologiýa we howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça işleri dowam etdiriljekdigini, bu meselelerde howpsyzlygy üpjün etmegiň, howa ekologiýa we tehnogen hadysalara gözegçilik etmegiň köptaraplaýyn gurallaryny döretmek boýunça binýatlaýyn çemeleşme hökmünde yzygiderli esasda garalmagyny maksat edinýändigini bellemegi we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek barada Türkmenistanyň başlangyjyny öňe sürmegi aýratyn bellemäge mynasypdyr. Soňky ýyllarda Türkmenistan döwletimiz milli derejede ekologiýa babatda zerur işleri alyp barýar we bar bolan meseleleriň çözgüdine, Hazar deňzinde ekologik taýdan ýaramaz täsirleriň öňüniň alynmagyna goňşy ýurtlar, hyzmatdaşlar hem-de halkara guramalar, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy bilen ýygjam gatnaşykda täzeçil çemeleşmeleri öňe sürýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Aralýaka sebitiniň ekologik ýagdaýynyň sagdynlaşmagy, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly möhüm meseleleri çözmek boýunça ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürýär.Ýurdumyzda her ýyl Hazar deňziniň güni bellenilip, onuň çäklerinde maslahatlar, gepleşikler we beýleki çäreler guralýar. Döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen esasy wezipeleriň hatarynda “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek ileri tutylýan ugur bolup durýar. Berkarar döwletimizde tebigatyň serişdelerinden rejeli peýdalanmaga, daşky gurşawa zyýan ýetirmezlige yzygiderli üns berilýär. Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasy tarapyndan gurnalan kitap sergi bilen tanyş boldular. Bu gurnalan kitap sergisi oňa gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.


Maral NURYÝEWA

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri