logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BITARAP DIÝARYM–BAGTYŇ MEKANY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk baýramynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Bitarap diýarym–bagtyň mekany» bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitaraplyk türkmeniň ruhunyň galkynmagyna, arzuw hyýallarynyň wysal tapmagyna, gadymdan gelýän ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk dost doganlyk, ýörelgelerine öwrülendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Hemişelik Bitaraplyk ýurdumyzyň ykdysady ösüşini, abadançylygyny üpjün etmegiň bagtyýar durmuşymyzyň ygtybarly binýady bolup durýandygy barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda mähriban Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.