logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BITARAP TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYGYŇ WE DOSTLUGYŇ MEKANY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi, şeýle-de Bagtyýarlyk etrap Geňeşi bilen bilelikde guramagynda 30-njy maýda hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Merkezi Aziýa – Italiýa» görnüşindäki birinji gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna bolan iş sapary hem-de Aşgabat şäherinde «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbüniň tutulmagy mynasybetli bagtyýar talyp ýaşlaryň hem-de ýaşlar guramasynyň işgärleriniň gatnaşmagynda «Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň we dostlugyň mekany» atly brifing duşuşygyny geçirdi.

Duşuşyga başynda oňa gatnaşanlar «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň hem-de Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň düýbüniň tutulmagy bagtly çagalygyň, bilimleriň ýurdy hökmünde eziz Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende galdyrandygy barada buýsançly gürrüňleri berdi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň ösüşleriň ýoly bilen alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.