logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«BITARAP TÜRKMENISTAN–PARAHATDYR BU MEKAN» ATLY AÝDYM-SAZLY KONSERTI

Gün-günden özgerýär, gül açýar Diýar,

Bitaraplyk hakynda aýdym aýdalyň!

Bedew bady bilen has öňe barýar,

Bitaraplyk hakynda aýdym aýdalyň!


Bitaraplyk–abadançylygyň, parahatçylygyň aýdyň ýoludyr. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ata Watanymyz hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe boldy. Häzirki günde bolsa dünýäde dostlugyň we parahatçylygyň, birek-birege ynanyşmagyň, ynsanperwerligiň mekany hasaplanýan Türkmenistan Watanymyz uly ösüşleriň ýolunda barýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň her bir güni bolsa aýdym-sazly dabaralara beslenýär.

Parahat we asuda ýurdumyzda şanly senelere bagyşlanan toý-dabaralar ýokary okuw jaýlarynda-da giňden dabaralanýar. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” we Bitaraplygyň 30-ýyllygy mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen bilelikde gurnamagynda Kamera orkestriniň we aýdymçy talyplarynyň “Bitarap Türkmenistan–parahatdyr bu mekan” atly aýdym-sazly konserti geçirildi.

Konsertde bagtyýar talyp ýaşlaryň we zehinli mugallymlaryň ýerine ýetirmeginde daşary ýurt hem-de türkmen kompozitorlarynyň naýbaşy eserleri ýaňlandy. K. Esenowyň ýerine ýetirmeginde “Ýatla meni”, H. Kakaýewanyň ýerine ýetirmeginde “Sary gelin” azerbaýjan halk aýdymy, M. Hudaýbergenowanyň ýerine ýetirmeginde “Love story”, N. Garaýewiň ýerine ýetirmeginde “Iki agaç”, G. Taýlyýewa bilen B. Moşşyýewiň ýerine ýetirmeginde “Saraý Kui”, M. Gurbandurdyýewiň ýerine ýetirmeginde “Käkilik”, G. Akyýewiň ýerine ýetirmeginde “Gitme sen” ýaly aýdym-sazlar ýaňlandy.

“Bitarap Türkmenistan–parahatdyr bu mekan” atly aýdym-sazly konsert şowhunly we täsirli geçdi. Ýaňlanan ussat kompozitorlaryň eserleriniň tomaşaçylarda galdyran täsirleri bolsa ýerine ýetirijileriň çeken irginsiz zähmetiniň ýerine düşendiginiň nyşanydyr.

Şunuň ýaly konsertleri, aýdym-sazly dabaralary geçirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň geljegi üçin alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin. Parahat ata Watanymyzda şanly senelere bagyşlanýan konsertler, toý-dabaralar dowamly bolsun.


Arzygül ÝAGMYROWA

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» fakultetiniň IV ýyl talyby