logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«BITARAP TÜRKMENISTAN–PARAHATDYR BU MEKAN» ATLY AÝDYM-SAZLY KONSERTI

Söhbediňe diň salýar bar halaýyk,

Aýdany, aýdymy göwne ylaýyk.

Bilmezmiň Beýigňi gudrat saýyp,

Şudur Bitaraplyk, eziz Watanym!


Bitaraplyk taglymaty–dünýä döwletleri bilen ylalaşykly ýaşamak diýmekdir. Bitaraplyk ýaş türkmen döwletiniň gülläp ösmegi üçin badalga boldy. Parahatçylygy we durnuklylygy saklaýan türkmen döwletimiz ykdysadyýet, medeniýet we beýleki ulgamlaryň ählisi boýunça çalt depginler bilen ösýär.

Parahat we asuda ýurdumyzda şanly senelere bagyşlanan toý-dabaralary ähli ýokary okuw jaýlarynda-da giňden dabaralanýar. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” we Bitaraplygyň 30-ýyllygy mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy hem-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen bilelikde gurnamagynda kamera orkestriniň we aýdymçy talyplaryň “Bitarap Türkmenistan-parahatdyr bu mekan” atly aýdym-sazly konserti geçirildi.

Konsertde bagtyýar talyp ýaşlaryň we zehinli mugallymlaryň ýerine ýetirmeginde daşary ýurt hem-de türkmen kompozitorlaryň meşhur eserleri ýaňlandy. Konserdiň başynda kamera orkestriniň ýerine ýetirmeginde Tans kinofilminden “Конец ночного вора”, Güljemal Taýlyýewanyň ýerine ýetirmeginde “Кажется”, Kadyr Esenowyň ýerine ýetirmeginde “Ýatla meni”, Munisa Hudaýberenowanyň ýerine ýetirmeginde “Love story”, “Lose control”, kamera orkestriň ýerine ýetirmeginde “Für Elise Jam”, “Palladio”, Çynar Gutlyýewanyň ýerine ýetirmeginde “Inta Eýh”, “What a wonderful world”, Nazar Garaýewiň ýerine ýetirmeginde “Iki agaç”, Begenç Moşşiýewiň ýerine ýetirmeginde “Luna Tu”, Güljemal Taýlyýewanyň we Begenç Moşşiýewiň ýerine ýetirmeginde “Saraý Kui”, Myrat Mämmetmyradowyň ýerine ýetirmeginde “Ýüregim sende”, Humaý Kakaýewanyň ýerine ýetirmeginde Azerbeýjan halk aýdymy “Sary gelin” ýaly aýdymdyr-sazlar ýerine ýetirildi.

Konsertiň ahyrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde “Alkyşnama” ýaňlandy. “Bitarap Türkmenistan-parahatdyr bu mekan” atly aýdym-sazly konsert örän şowhunly we täsirli geçdi.

Şunuň ýaly konsertleri, aýdym-sazly dabaralary geçirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň geljegi üçin alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin.


Aýnur Nuryýewa

Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň “Sazşynaslyk” fakultetiniň IV ýyl talyby