Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabat atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
28-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli döwrebaplaşdyrylan Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy. Şu gezekki baýramçylyk at çapyşygynyň döwrebaplaşdyrylan atçylyk sport toplumynda geçirilmeginiň aýratyn many-mazmuna eýedigini bellemek gerek. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri bu ýerde şanly seneler mynasybetli dürli at çapyşyklary geçirilip gelinýär. Munuň özi halkymyzyň geçmiş taryhyna, ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna ygrarlylygyň nyşanydyr.
Türkmen topragynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlyklarynyň hataryndan orun alan ahalteke bedewleri Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Häzirki döwürde behişdi bedewlerimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ýeten belent sepgitleriniň nyşanyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda we tutuş dünýäde ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny artdyrmak, milli seýisçilik sungatyny has-da kämilleşdirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy hem bu ugurda amala aşyrylýan işleriň ajaýyp netijesidir.
Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek we milli atşynaslygyň däplerini dünýä ýaýmak, şol sanda ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak babatda yzygiderli işler alnyp barylýar. Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegi-de munuň bir mysalydyr. Bu ýokary okuw mekdebinde atçylyk pudagy üçin ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar. Şunuň bilen bir hatarda, Arkadag şäherinde «Taýçanak» binasynyň gurulmagy, şäheriň şaýollarynyň biriniň “Ahalteke atlary şaýoly” diýlip atlandyrylmagy bedewlere goýulýan hormat-sarpanyň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüldi.
Behişdi bedewleriň milli atçylyk sungatyny gorap saklamak, öwrenmek we ösdürmek, onuň gözbaşy müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý däplerini dowam etdirmek, atçylyk sportuny höweslendirmek, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu pudakda netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlerde 2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen, ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna uly orun degişlidir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bu gurama dünýäniň ähli künjeklerinden hünärmenleri, alym-atşynaslary, bedewlere sarpa goýýan beýleki adamlary birleşdirýär. Onuň yzygiderli geçirilýän mejlisleri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga, gatnaşyklaryň mazmunyny täze bilelikdäki taslamalar bilen baýlaşdyrmaga, özara tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär.
«Türkmenistan» gazeti