logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BITARAP WATANYM-JENNET MEKANYM

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi «Bitarap Watanym-jennet mekanym» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirdi.

Döwlet kitaphanasynda «Türkmenistan Sport» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde «Bitarap Watanym-jennet mekanym» ady bilen söhbetdeşlik gurnaldy. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýylynyň içinde ýerine ýetirilen beýik işler, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer we dost-doganlyk syýasaty hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Kitaphana işgärleri hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan netijeleri okyjylarymyzyň arasynda wagyz etmeklikde alyp barýan işleri hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Söhbetleriniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak ,beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.