logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«BITARAP WATANYM-TÜRKMENISTANYM» AÝDYM-SAZLY KONSERT

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli “Saz mugallymy” kafedrasynyň talyplarynyň “Bitarap Watanym-Türkmenistanym” atly konsert geçirildi.

Konsertiň başynda Türkmenistanyň at gazanan artisti O.Seýitgeldiýewiň ýolbaşçylygynda dutarçylar toparynyň sazandarlyk etmeginde O.Ataýew mukamçy kompozitor A.Çaryýewiň döreden “Dutarym” eserini, S.Öräýew bolsa S.Jepbarowyň “Altyň biri” atly aýdymyny ýerine ýetirdiler.

Göreldeli talyplar ýagny, Ý.Ýazgylyjow professor N.Muhadowyň “Dagly gyz”, Ý.Meredow italýan kompozitory R.Leonkowallonyň “Rasswet”, Ý.Bäşimow türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň 2-nji nesline degişli bolan kompozitor Ç.Nurymowyň “Armanym galdy”, H.Bazargeldiýewa Türkmenistanyň halk artisti D.Nuryýewiň “Şatlykdan salam” we Türkmenistanyň at gazanan artisti O.Seýitgeldiýewiň “Enem sen” eserini, A.Garagyrowa Türkmenistanyň halk artisti, zehinli meşhur kompozitor N. Halmämmedowyň “Haýrana galar” ýaly eserlerini ýerine ýetirmegi bolsa konsertiň has-da şowhunyny artdyrdy. Talyplara Z.Öweniýazowa, M.Öwlýagulyýewa, M.Ýelena, Ýe.Melnik, O.Seýitgeldiýew sazandarlyk etdiler.

Konsertde diňe bir wokal žanrynda döredilen eserler däl-de, eýsem instrumental žanrlarda döredilen eserler hem ýaňlandy. 3-nji ýyl talyp G.Awlýakulowa Azerbaýjan kompozitory T.Kuliýewiň “Wals”, 5-nji ýyl talyp A.Penjiýewa türkmen zehinli kompozitory G.Çaryýewiň “Elegiýa”, 1-nji ýyl talyp M.Myradowa belli kompozitor A.Abdyllaýewiň “Bahar tansy”, 5-nji ýyl talyp H.Esenmyradow zenan kompozitor W.Abaýewanyň “Jazekspromt”, 1-nji ýyl talyp Söhbet Öräýew we 2-nji ýyl talyp G.Dagbaşyýew rus kompozitory Ýe. Doganyň “Wals”, awstriýa kompozitory W.A.Mosartyň “Türk marşy” sazlaryny ezberlik bilen ýerine ýetirdiler.

Konsertiň ahyrynda şol kafedranyň müdiri, uly mugallym T.Çaryýewanyň dirižýorlyk etmeginde hor toparynyň ýerine ýetiren eserleri ýaňlandy. Olar B.Hudaýnazarowyň “Goý aýdylsyn Bitaraplyk aýdymy” eserini solistler A.Garagyrowanyň we A.Muhammetgulyýewiň aýtmagynda, şeýle-de A.Hojaniýazowyň goşgusyna D.Ökdirowyň döreden “Gahryman siz Arkadag” aýdymyny ýerine ýetirdiler.

Konsertde Türkmenistanyň at gazanan artistleri O.Seýitgeldiýewiň, B.Amanowanyň we “Saz mugallymy” kafedrasynyň ussat mugallymlary B.Öwezowanyň M.Orazberdiýewanyň, G.Çaryýewanyň, Ş.Güljäýewanyň, M.Myratgeldiýewiň, Ý.Orazalyýewiň, R.Baýramowyň, I.Mommadowanyň talyplary çykyş edip, öz zehinlerini görkezdiler. Ýerine ýetirilen eserlerden talyplaryň göreldeli okap, hünärini has-da kämilleşmäge çalyşýandyklaryny görmek bolýar. Mugallymlara mundan beýläk-de jogapkärli işinde abraý, talyplara bolsa okuwynda uly-uly üstünlikleri arzuw edýäris.


Ogulbeg Ýegenowa

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň III ýyl talyby