Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň çeperçilik sergiler müdirliginiň bilelikde guramagynda Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde “Bitarapdyr diýarym–eziz türkmenistanym” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we Hoşallyk çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler hemişelik Bitaraplyk türkmen döwletiniň baş sütünleriniň biridigi, Bitaraplyk döwletimizde, asudalykda, agzybirlikde, erkana ýaşamaga, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň saýasynda, batly gadamlar bilen beýik ösüşlere sary öňe gitmäge giň mümkinçilikleriň döredip berilýändigi barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy parahatçylygyň baýramy hökmünde bütin dünýäde bellenilip geçiriljekdigi, bagtyýar halkymyzyň kalbynda uly ruhubelentlik, buýsanç duýgularyny döredip, bu baýram dostlugy, jebisligi, agzybirligi, parahatçylygy has-da berkitjekdigi barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda gurnalan göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan birnäçe ajaýyp kitaplary ýerleşdirildi.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.