logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BITARAPDYR WATANYM EZIZ TÜRKMENISTANYM

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda “Daşkent” dynç alyş seýilgähinde Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli “Bitarapdyr Watanym eziz Türkmenistanym” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Çykyş edenler Bitaraplyk syýasaty, Türkmenistanyň ähli döwletler bilen deňhukukly, özara hormat goýmak we içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmagyna mümkinçilik berýändigini, bu ýörelgeler halkara gatnaşyklarynda durnuklylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga ýardam edýändigi hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren “Türkmenistan Bitaraplygyň mekany” atly ajaýyp eseriniň many-mazmuny barada gürrüň etdiler.

Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň asudalygy, agzybirligi, parahatçylygy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.