logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BITARAPLYK AÝDYŇ ÝOLLARA ŞAMÇYRAG

BITARAPLYK AÝDYŇ ÝOLLARA ŞAMÇYRAG

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Bitaraplyk aýdyň ýollara şamçyrag» ady bilen şanly Bitaraplygyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp kitap sergi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günümiziň toýdur-baýramlara beslenýändigini şeýle-de eziz diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli tutumlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen bagtyýar halkymyz Halkara Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuny şatlyk-şowhun belent zähmet üstünlikleri bilen garşylaýandygyny uly buýsanç bilen bellediler. Şeýle-de Garaşsyzlyk alyp galkynan, Bitaraplyk alyp beýgelen Watanymyzyň ösüşleri-özgertmeleri dogrusunda çuň manyly sözlerini beýan etdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýurdumyzyň parahatlygy, asudalygy, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.