logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BITARAPLYK BAGTYMYZ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Türkmen Halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek ugrunda edýän atalyk aladalary çäksizdir.

Ýakynda, Halkara Bitaraplygymyzyň şanly XXX ýyllygy mynasybetli “Bitaraplyk bagtymyz” atly Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Halk saz gurallary” kafedrasynyň uly mugallymy Ýakupmyrat Sytdyhowyň talyplarynyň konserti geçirildi.

Konsertiň başynda A.Babahanowyň “Hürrem”, Süleýman Aleskerowyň “Tans-tokkata” eserleri bilen III ýyl talyby Baýgeldiýew Baýgeldi çykyş etdi. Bu eserler tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy we elçarpyşmalara mynasyp boldy. Onuň yzysüre I.Tihonowyň, A.Şalowyň “Oba kadrili” eserini plektrli dutar saz guralynda hem-de meşhur kompozitor Süleýman Aleskerowyň “Şalaho” eserini bolsa primo plektrli dutarda III ýyl talyby Klyçýew Azat ýerine ýetirdi we gyzgyn elçarpyşmalara mynasyp boldy.

Soňra dost-doganlyk eserleri bolan Rumyn halk tansy “Torgaý” we Hasan Rizaýewiň “Çargah rapsodiýasy” eserlerini IV talyby Saparjanow Muhammet ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Bu çykyş tomaşaçylarda uly täsir we ýakymly ýatlamalary galdyrdy. Belli daşary ýurt kompozitorlary bolan Astor Piazzollanyň “Libertango”, Uzeýir Gajibekowyň “Görogly” operasyndan “Tans” eserleri bilen IV talyby Muhammedowa Nartäç çykyş etdi.

Bu täsirli çykyşlaryň yzysüre meşhur türkmen kompozitory Baýramdurdy Hudaýnazarowyň “Konsertino-Gazal” we Awstriýanyň meşhur kompozitory Wolfgang Amadeý Mosartyň “Serenada” eserlerini V talyby Öräýew Azat bas dutarda ýerine ýetirdi. Konsertiň jemleýji çykyşyny V ýyl talyby Supanow Babageldi meşhur eserleri bilen çykyş etdi. Ol Tofig Bakyhanowyň “Konsert” III bölümini hem-de Mustafo Bafoýewiň “Poema” eserlerini örän ussatlyk bilen ýerine ýetirdi we tomaşaçylaryň gyzgyn elçarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Türkmen Halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza biz ýaşlaryň kämil derejede ylymly-bilimli bolmagy, öz zehinimizi açyp görkezmäge uly mümkinçilikleri döredip berýänligi üçin edýän atalyk aladalary üçin sagbolsunymyzy aýdýarys.


Osman Sapargeldiýew

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Halk sazy” fakultetiniň V ýyl talyby