logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BITARAPLYK-BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Bitaraplyk- bagtymyzyň gözbaşy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Garaşşyz hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň, abadançylygyň mekanydygy, asuda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler bolsa, halkyň abadan durmuşy, bagtyýarlygy bilen gönüden–göni baglanyşyklydygy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýöredýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, umumadamzat bähbitli ýörelgeleri dünýä içre giň goldawa eýe bolýandygy barada hykynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň belende göterilmegi hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň aýdyň netijesidigi, munuň özi ýurdumyzyň geljeginiň aýdyňlygy, parahatçylygyň, abadançylygyň nyşanydygy barada beýan etdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda baky Bitaraplyk hukuk derejämizi, parahatçylyk ýoluny mynasyp dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.