logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BITARAPLYK-BAGTYÝAR HALKYMYZYŇ BUÝSANJY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 133-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda «Bitaraplyk-bagtyýar halkymyzyň buýsanjy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler hemişelik Bitaraplyk türkmen halkynyň hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de parahat ýurdumyzda, bagtyýar, abadan durmuşymyzyň, ösüş-özgerişlerimiziň kepili bolup, sebitde we dünýäde parahatçylyk, ynanyşmak arkaly durnukly ösüşi gazanmak ugrynda uly tagallalaryň edilýändigi barada çykyş etdiler.

Çäräniň ahyrynda halkymyzyň bagtyýarlygy, ýurdumyzyň abadançylygy ugrunda ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.